Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly teklipleri işläp
taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň
wideomaslahat görnüşinde mejlisini geçirdi. Bu barada TDH habar berýär.
Toparyň mejlisinde Konstitusion kanunynyň taslamasyny taýýarlamak
boýunça geçirilen işler barada hasabatlar diňlenildi.
Türkmenistanlylar tarapyndan makullanylan we goldanylan bu kanunçylyk
taslamasyna laýyklykda Esasy Kanundan bir maddany aýyrmak, 3 maddany
goşmak hem-de 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek barada
çözgüt kabul edildi. Täze iki palataly parlamenti – Türkmenistanyň Milli Geňeşi,
onuň palatalaryny bolsa –Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky
teklip hem halkyň uly goldawyna eýe boldy.
Indi bolsa tutuş ýurdumyz boýunça ýerlerde umumymilli forumyň
garamagyna hödürlemek üçin öňde boljak Halk Maslahatynyň wekilleri bilen
Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak çärelerini geçirmek
gerekdir. Halk Maslahatynyň makullan ýagdaýynda, taslama Mejlisiň garamagyna
iberiler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion
kanunynyň taslamasyny makullamak hem-de ony Halk Maslahatyna hödürlemek
hakynda Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.