Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan «Umumybilim edaralarynda
2020 — 2021-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň we okuw-terbiýeçilik
işlerini guramagyň wagtlaýyn gözükdirmesi» işlenip taýýarlanyldy. Oňa
laýyklykda, dünýädäki epidemiologik ýagdaýlar nazarda tutulyp, ýurdumyzyň
bilim-terbiýeçilik edaralarynda arassaçylyk we zyýansyzlandyryş çäreleri
yzygiderli geçiriler, bilim edaralarynda okuwçylardyr talyplaryň sapaklara
gatnaşygy bilen baglanyşykly işler täze düzgünler esasynda ýola goýlar diýlip
“Türkmenistan” gazetinde çykan makalada aýdylýar.
Makalada şeýle hem şu okuw ýylynda ýurdumyz boýunça 159 müň 374 çaga
birinji synpa kabul ediler. Olaryň ählisine däp bolşy ýaly, hormatly
Prezidentimiziň adyndan öwrediji kompýuterler sowgat berler. 1-nji sentýabrdan
başlap, ýurdumyzyň umumybilim berýän edaralarynda mugallymlaryň 81 müňden
gowragy 1 million 400 müň okuwça bilim berer diýip geçilýär. Awtor ýurdumyzyň
bilim işgärleri mekdepleri täze okuw ýylyna taýýarlamak, täze iş usullaryny
öwrenip, bilim derejesini artdyrmak, okuw-görkezme esbaplaryny taýýarlamak
hem-de okuw-usulyýet işlerini innowasion usulda guramak boýunça
hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini alyp bardylar diýip belläp geçýär.