1-nji sentýabrda Türkmenistanyň ähli orta mekdepleri okuwçylara gapylaryny
açar. Şeýle-de bolsa, Aşgabat şäher bilim müdirliginde bize habar berlişi ýaly, şu
ýylky okuw işinde ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, goşamaça
çäreler geçiriler. Bu bolsa okuwdaky käbir üýtgeşmeleri getirer.
Şeýlelikde, synp otaglary we okuwçylary köp bolan mekdeplere okatmagy
aýtyn meýilnama boýunça ýola goýmak tabşyryldy. Ýene bir üýtgeşme bolsa
synpdaky okuwçylaryň sany bilen bagly. Her synpdaky okuwçylaryň sany 15-den
geçmeli däl. Okuwçy sany görkezilen mukdardan aňry geçýän synplaryň
mugallymlaryna olary bölüp okatmak tabşyrylar.
Mekdeplerde sapaklaryň dowamlylygy hem üýtgedildi. Has takygy, 1-nji
synp okuwçylary üçin bir sagadyň dowamlylygy 25, 2 ― 4-nji synplar üçin 30, 5
― 11-nji synplar üçin 35 minut bolar. Kiçi arakesmeler 10, uly arakesme bolsa 20
minutdan ybarat bolar.
Taryh, bedenterbiýe, biologiýa, himiýa, zähmet, surat çekmek ýaly açyk howa
bilen bagly sapaklary bellenilen ýerlerinde geçirmäge rugsat berilýär. Ýöne
mugallymlar howa ýagdaýlaryna berk eýermelidirler.