Wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde
Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty geçirildi.
Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen
Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli
ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň
Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar.
Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnukly
ösüşi üpjün edýän has netijeli köpugurlylyk üçin parlament dolandyrylyşy» atly
ählumumy mowzuk astynda geçirilýär. Gatnaşyjylar, şol sanda parlamentariýler,
Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleri we halkara bilermenler bu sessiýanyň
barşynda halkara gün tertibiniň derwaýys wezipelerini, şol sanda pandemiýa garşy
ählumumy göreşiň alnyp barylmagyny, global taýdan dolandyrylmagy, howanyň
üýtgemegi bilen bagly bolan meseleleriň çözgüdini ara alyp maslahatlaşýarlar.