Prezident Donald Trampyň aýtmagyna görä, ABŞ BMG Howpsuzlyk
Geňeşiniň ýygnanyşygynda Eýrandan aýrylan sanksiýalar täzeden yglan
edilmegini talap etdi.
Mundan öňräk Birleşen Ştatlar Eýrana goýlan harby gadagan etmeleri
uzaltmaga çalyşýar. Ýöne bu işler netije bermändi.
Tramp ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 20-nji awgust güni BMG-
niň Nýu-Ýorkdaky Baş mesgenine baryp, ABŞ-nyň Eýrana eden sanksiýalaryny
täzeden dikeltmek boýunça talabyny beýan etjegini aýtdy. ABŞ Eýrany 2015-nji
ýylda düzülen ýadro şertnamasyna amal etmezlikde aýplady. Netijede bolsa,
Birleşen ştatlar 2018-nji ýylda bu şertnamadan çykandygyny yglan edipdi.
Häzirki wagtda Russiýa we Hytaý Eýrana goýlan sanksiýalary täzeden
dikeltmäge garşy çykýarlar. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başga agzalary,
esasan hem, Britaniýa we Fransiýa hem bu sanksiýalar ýene-de yglan edilmegini
islemeýärler. Bu oňuşmazçylyklar Howpsuzlyk Geňeşi agzalarynyň arasynda
göreşi ýüze çykarmagy mümkin.