Saud Arabystanynda COVID-19 kesel netijesi goýlan näsaglaryň 90%-i
sagaldy. Bu barada Patyşalygyň saglygy goraýyş boýunça resmi wekilleri 18-nji
awgust güni habar berdiler. Ýurtda sişenbe gününiň özünde 4526 adam
koronawirusdan doly görnüşde sagaldy. Şeýlelikde sagalanlaryň umumy sany
272 911 adama ýetdi.
Geçen 24 sagadyň içinde koronawirusdan halas bolanlaryň 1439 sanysy
paýtagt Er-Riýad şäherinde, 877 sanysy Jidda we ýene-de 275 sanysy Dammamda
hasaba alyndy.
Gongkong şäherindäki Deep Knowledge Group bileleşiginiň ýerleriň
howpsuzlygy boýunça barlaglaryna görä, häzirki koronawirus pandemiýasy
döwründe dünýäde iň howpsuz bolan 20 ýurduň içinde Saud Arabystany 17-nji
orny eýeledi.
Ýöne Patyşalykda kesellänleriň umumy sany 300 müňden geçdi. Soňky
wagtlarda Saudiýada täze kesellemek ýagdaýlary bir göterilýär, bir-de bolsa
peselýär. Netijede bolsa diňe bir 18-nji awgust günini mysal alanymyzda hem,
Patyşalykda 34 adam koronawirusdan aradan çykdy. Gurban bolanlaryň umumy
sany 3470 adama ýetdi.