“Barselona” futbol topary Çempionlar ligasynyň şowsuz tapgyryndan, has
takygy “Bawariýa” topary bilen geçiren duşuşygyndaky ýeňlişinden soň (2:8)
tälimçisi Kiki Setýeni wezipesinden boşatdy. Onuň ornuna bolsa, ondan kän wagt
geçmänkä niderlandlaryň taryhy futbolçysy bolan Ronald Kumany belledi. 57
ýaşly hünärmen “Barselona” topary bilen 2 ýyllyk niýetlenen şertnama boýunça
ylalaşyp, öňki wezipesini — Niderlandiýanyň milli ýygyndy toparynyň tälimçisi
bolmagyny bes etdi.
Ýatlap geçsek, Kuman 1989-1995-nji ýyllar aralygynda bu toparyň
düzüminde öz futbol karýerasynyň şowly 6 möwsümini geçirdi. 1998-nji ýyldan
başlap hem ol Lui wan Galyň kömekçisi hökmünde tälimçilik ýoluna ilkinji
gadamlaryny goýdy. Eýýäm şol wagtlar Kumanda katalon toparyna tälim bermek
arzuwy bar eken. Ine, indi bolsa 22 ýyldan soň ispan toparynyň “halasgäri”
hökmünde tälimçiniň bu arzuwy wysal tapdy.
“Barselona” topary barada Kuman: “Biziň häzirki wagtda etmeli işlerimiziň
esasylarynyň biri hem täze, “Bawariýa” bilen geçirilen duşuşykdakydan düýpgöter
tapawutly imiji döretmek bolup durýar. Bu ýitgi biziň hem-de janköýerleriň isleýän
ýagdaýy däl. Biz indiden başlap täze, güýçli topary gurmaga çalyşarys, ýöne bize
bu ugurda uly üýtgeşmeleri amala aşyrmak gerek bolar.” – diýip, belläp geçýär.