“Barselona” futbol klubynyň hüjümçisi Luis Suares özüniň birnäçe wagtdan
bäri çykyş edip gelýän kluby bilen hoşlaşmagy mümkin.
Bu barada žurnalist Žota Žordi habar berýär. Katoloniýanyň kluby 33 ýaşly
urugwaýly futbolçynyň topary terk etmegi gerekdigini aýtdy.
Öňräk futbolçynyň özi 2007-2011-nji ýyllaryň dowamynda hereket eden
Amsterdamyň “Aýaks” klubyna gaýtmagy mümkinligi barada habarlar ýaýrapdy.
Forward 2014-nji ýyldan bäri “Barselonada” oýnaýar. Luis Suares klubyň
taryhynda iň gowy 3 futbolçynyň biri hasaplanýar.
Suares şu möwsümde La Liganyň çäginde 28 sany oýunda meýdança düşüp,
16 sany gol saldy we 8 sany assiste eýe boldy.