Luis Suares özüniň sport işini Katarda dowam etdirmegi mümkin. “Barselona” hüjümçisi bilen häzirki wagtda Dohanyň “Al Arabi” kluby gyzyklanýar. Urugwaýly 33 ýaşly futbolçy we “Barselonanyň” arasynda şertnama geljek ýylyň ýazynda tamamlanýar. Eger Suares täze şertnama gol çekmese, klub ony satmaga mejbur bolar.
Ýene bir klub ýagny, “Mançester Ýunaýted” Ben Çiluell üçin “Çelsi” bilen bäsleşmäge taýýar. “Lester” bu futbolçy üçin 80 million funtdan azyna razy bolmaz we bu londonlylar üçin gymmata düşer. Şol sebäpli hem klubyň ýolbaşçylary başgaça wariantlary gözleýärler. Bu barada “The Mirror” habar berýär. Ýöne bilermenleriň pikirine görä, klubdakylar bu puly taparlar. Sebäbi “Old Trafford”-dyň çep ganat goragynda hem meseleler bar. Berilýän maglumatlara görä. Şou köp ýaralanypdyr, Wilýams bolsa häli ýaş.