Täjigistan döwletinde golaý wagtlarda prezident saýlawlaryny geçirmeklik meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bolsa ýurduň iň uly döwlet wezipesine dalaşgärleriň ilkinjisi belli boldy. Bu barada Sputnik neşiri habar berýär.
Mälim edilmegine görä, Täjigistanyň agrar partiýasynyň ýygnanyşygy geçirilipdir. Oňa partiýanyň ýerli bölümlerinden 130-a golaý wekil gatnaşypdyr. Ýygnakda partiýanyň adyndan saýlawda dalaşgär hökmünde Agrar partiýanyň başlygy Rustam Latifzada hödürlenipdir.
Ol 1960-njy ýylyň 27-nji noýabr güni täjigistanyň hatlon welaýatynda doglan. Latifzada deslap Täjigistanyň Agrar uniwersitetini tamamlap, soňra Sankt-Peterburg dag institutynda okuwyny dowam etdiripdir. 2014-nji ýyldan bäri bolsa, ady agzalan partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinde zähmet çekýär.
Ýatladyp geçsek, Täjigistanda prezident saýlawlary şu ýylyň 11-nji oktýabrynda bolup geçer.