O Şokolad Ýer ýüzünde giňden peýdalanylýan önüm. Köp kişilere onuň süýji tagamy, kremliligi ýaraýar. Ýöne muňa garamazdan, bu konditer önümine arassa, saglyk üçin doly peýdaly önüm diýip bolmaz.
Gara şokoladyň düzüminde fenol birleşmeleriniň köp mukdary, onuň saglyga peýdasyny ýüze çykarýan antioksidantlar düzümi bar. Bu ugurda iş alyp barýan ylmy öwreniji alymlaryň habar berişlerine görä, häzir olar şokoladyň düzüminde şeýle peýdany döredýän antioksidantlara baý usuly oýlap tapypdyrlar. Olaryň bu işinde adaty gyzyl gabykly maňzyň hem-de beýleki käbir önümleriň galyndylary peýdalanylýar. Bu bolsa şokoladyň düzüminde peýdaly elementleriň köp bolmagyna ýardam edýär.
Bu oýlanyp tapylan täze usulyň üstünde işleýän hünärmenleriň ýolbaşçysy Liza Din bu ylmy işleri barada şeýle belleýär: “Bu proýektiň baş ideýasy oba hojalyk önümleriniň galyndylaryny, gabyklaryny barlamak bilenn olaryň biologik gymmatyny ýüze çykarmak testlerinden, aýratyn hem gyzyl gabykly maňzyň testinden başlapdy. Bu ugurda biziň ilkinji maksadymyz gabyklardan fenol şepbiklerini alyp, olary dürli iýmit bilen gatyşdyrmakdy.”