Halkara futbol bileleşigi — FIFA indi futbolçylara bir möwsüm dowamynda üç sany toparda oýnamaga rugsat berdi. Bu guramanyň resmi saýtynda yglan edildi.
Gurama futbolçylaryň arasynda işsizlik derejesiniň artmazlygy üçin olara bir möwsümde üç sany toparda iş alyp barmaklaryna garşy çykmady. Muňa çenli futbolçylar bir möwsümde diňe iki toparda oýnap bilýärdiler. Bu özgeriş wagtlaýyn boljakdygy aýdylýar. Has dogrusy, ol bir möwsümden uzak dowam etmez.
Möwsümiň ortasynda diňe bir sany transfer wagtynda bir klubdan başgasyna geçen we öňden bäri möwsüm dowamynda iki sany klubda oýnamaga ýetişen futbolçy şu ýylyň ahyrynda ýene-de klubyny özgertmegi mümkin. Bu özgeriş ätiýaçda galan we erkin agente öwrülen futbolçylar üçin has möhüm.
Öňräk FIFA klublar köpräk futbolçylara mümkinçilik hökmünde we ýaralanmalaryň öňüni almak üçin oýnuň dowamynda 5 sany futbolçyny çalyşmaga rugsat beripdi. Bu özgeriş hem wagtlaýyn, pandemiýa gutarýança boljakdygy aýdylýar. Goşmaça wagtlarda ýene-de bir sany özgeriş etmek kadasy bolsa saklanyp galar.