Beýik Britaniýada ýerleşýän Oxford PV kompaniýasy elektrik energiýasynyň önümçiligindäki “ýaşyl” ulgamyň kuwwatyny has-da güýçlendirjek Gün batareýalarynyň täze görnüşini işläp taýýarlady. Täze Gün elementleriniň esasynda perowskit atlandyrylýan material bar.
Gün energiýasyndan elektrik toguny döretmek bilen baglanyşykly synanyşyklar ilkinji gezek geçen asyryň ortalaryna, kremniniň esasynda ýola goýlup başlandy. Bu günki gün hünärmenler bu işi has öňegidişlikler bilen özgertdiler. Günden elektrik toguny döretmegiň häzirki basgançaklary 1950-nji ýyllaryňkydan düýpgöter ösdi.
Bu ugurda täze öňegidişlikleri eden material perowskitdir. Alymlar geçen asyryň birinji ýarymynda bu kristallik elementiň — perowskitiň üstüni açypdyrlar. Laýyk 10 ýyl mundan ozal, alymlar bu elementiň özboluşly häsiýetine ünsi çekip, onuň oňaýly Gün paneli bolýanlygyny ýüze çykarmagy başardylar.
Oxford PV kompaniýasynyň hünärmenleri bu barada: “Kremniý bilen perowskit materialyny goşmak bilen, biz häzirkiden 30% güýçli derejedäki Gün energiýasyndan elektrik toguny dörediji paneli döretdik. Perowskit Gün spektriniň kremniý bilen baglanyşmaýan zolagyny özüne kabul edip bilýär. Şeýle täsin materialyň ulanylmagy biziň öňümizde täze mümkinçilikleri döredýär. Täze Gün elementleri 2021-nji ýyldan doly satuwa çykarylar.” – diýip belleýärler.