«Türkmendemirýollary» agentligi ýurtda otlularyň hereketindäki
çäklendirmeleriň 1-nji sentýabra çenli uzaldylýandygyny habar berýär.
«Otlularyň hereketiniň 1-nji sentýabra çenli wagtlaýyn durulýandygyny habar
berýäris» diýip, bu barada agentligiň resmi saýtynda hem ýörite aýdyldy.
16-njy iýulda başlan şeýle çäklendirmeler ilki 31-nji iýula çenlidi, soňra ol
15-nji awgusta süýşürildi. Şeýlelikde, çäklendirmeler üçünji gezek uzaldylýar.
Agentlik 10-njy awgustda otlularda gatnajak ýolagçylardan 3 günlük möhlete
ýöreýän kepilnama almak zerurlygyny talap edipdi.
Ýolagçylar ýüze çykan sowallar boýunça +99312383273 / 75 / 76 / 79 belgili
telefonlara jaň edip bilerler.