Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda Geomaglumatlar merkezini
döretmek, şäherlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak işlerine girişmegiň
zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu işe paýtagtymyz
Aşgabat şäherinden başlamak gerek. Inžener ulgamlary, binalar we ýer
bölekleri hem sanlylaşdyrylmalydyr, şäheriň 3D nusgasyny döretmek boýunça
işler alnyp barylmalydyr.
Geomaglumatlar merkeziniň döredilmegi inžener ulgamlaryna düşýän agramy
kesgitlemäge mümkinçilik berer. Şäher gurluşyk işlerini çaklamaga hem-de
modelleşdirmäge, boş ýer bölekleriniň möhüm binýadyny döretmäge ýardam
eder diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Munuň özi şeýle hem ýer
böleklerini aýawly peýdalanmakda, olaryň maksadalaýyk ulanylmaýandygyny
ýüze çykarmakda we beýleki işleri geçirmäge şert döreder diýip, hormatly
Prezidentimiz wise-premýere bu ugurda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.