Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2021-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.