12-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň
Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini
wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk
wideokonferensiýa görnüşinde geçdi.
Söhbetdeşler goňşy Owganystanyň dünýäniň durnuklylyk ulgamyna
köpugurly integrirlenmegine gönükdirilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn
taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna üns
çekdiler.
Bu ugurda taraplar TOPH gaz geçirijisiniň we TOP elektrik geçiriji ugrunyň
gurluşygynyň, Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň, şonuň ýaly-da beýleki taslamalaryň
durmuşa geçirilişiniň depgini boýunça pikirleri alyşdylar.