Meşhur kinofilmlerde çykyş edýän amerikaly belli aktýor “Forbes”
žurnalynyň görkezýän netijelerine görä, dünýäniň iň köp girdejili aktýory diýlip
yglan edildi. Onuň soňky ýylyň hasaby boýunça girdejisi jemi 87,5 million dollara
barabar boldy.
Dünýä belli “Forbes” žurnaly soňky birýyllykda iň köp girdeji gazanan
erkek aktýorlaryň reýtingi bilen tanyş etdi. Ol reýtinge geçen ýylyň iýun aýyndan
şu ýylyň iýuny aralykda kino dünýäsinden köp girdeji alan 10 sany aktýor girizildi.
Olaryň bu ugurdaky gazanan pullarynyň hasaby agentlere, dolandyryjylara hem-de
olaryň hukukçylaryna beren töleglerinden daşary jemlendi.
Bu reýtingiň ilkinji basgançagyny bassyr ikinji ýyl meşhur aktýor Dweýn
Jonson eýeläp, onuň bu hasabyna aýratynlykda mahabatlandyrýan “Under
Armour” brendiniň satuwlaryndan gazanan girdejisi hem-de “Netflix”
kinokompaniýasynyň “Gyzyl duýduryş” kinofilminde ýerine ýetiren roly üçin
gazanan tölegi hem goşuldy. Bu sanawda ilkinji üçlüge Raýan Reýnolds (71,5
million dollar girdejisi bilen) hem-de Mark Wolberg (58 million dollar girdejisi
bilen) düşdiler.
Bulardan başga-da, reýtingiň dowamlylygynda Ben Afflek (55 million
dollar), Win Dizel (54 million dollar), hindi aktýory Akşaý Kumar (48,5 million
dollar), Lin-Manuel Miranda (45,5 million dollar), Will Smit (44,5 million dollar),
Adam Sendler (41 million dollar) hem-de Jeki Çan (40 million dollar) dagyň atlary
bar.
Ýatlap geçsek, mundan öňki sanynda bolsa “Forbes” žurnaly iň öňdebaryjy
“TikTok” blogerleriň girdejileri barada maglumatlary ýetiripdi.