Doňdurma Ýer ýüzünde iň süýji, iň söýülýän süýjülikleriň biri hasap edilýär.
Bu aýratynam, tomsuň yssy günlerinde adamlaryň şähdini açmaklary üçin iýýän
esasy zadydyr. Onuň biz üçin nähili peýdasy barka?
Doňdurmanyň hem, köp önümlerde bolşy ýaly peýdasy-da, zyýany-da bar.
Bir tarapdan, onuň düzüminde organizmimize hoş ýakýan witaminler bar bolsa,
beýleki bir tarapdan onuň düzümindäki şekeriň köplügi biz üçin zyýanly bolup
biler. Doňdurmanyň süýtli, gaýmakly, şokoladly, plombir ýaly giň ýaýran
görnüşlerinden başga-da agramyny bir derejede saklamak isleýänler üçin ýörite
ýagsyz görnüşleri, şeýle hem bejergi maksatlary bilen ulanylýan görnüşleri bar.
Peýdaly aýratynlyklary:
Doňdurmanyň düzüminde organizme peýdaly bolan 100 töweregi gymmatly
elementler jemlenýär. Olardan 20 görnüş belok aminokisloty, 25 görnüş ýag
kisloty, mineral duzuň, fermentleriň 30-sy we şeýle-de 20 dürli witamin, süňkleriň
ösmegi üçin fosfor, magniý, kaliý we demir bar.
Bu önüm biziň ýatkeşligimizi güýçlendirýär, keýpimizi göterýär we stress
ýagdaýyndan saplanmaga kömek edýär. Häzirki wagtda doňdurmanyň ýogurt hili
görnüşi hem giňden ýaýrandyr. Onuň düzüminde adaty plombirlerdäkiden köp
peýdaly elementler bar.
Zyýanly taraplary:
Doňdurma ýokary derejede kaloriýaly önüm hasaplanansoň, ony saglyk
ýagdaýyňa görä derejede çäkli iýmek maslahat berilýär. Şeýle-de ony gastritde
iýmek ýaramaz ýagdaýlara getirip biler. Lukmanlar doňdurmany respirator
keselleri bilen ýygy-ýygydan keselleýän adamlara iýmegi maslahat berenoklar.
Eger doňdurma saharozadan ýasalan bolsa, onda ony diabetiklere iýmek bolmaýar.
Ganynda holesterini köp mukdarda bolan adamlara bolsa mallaryň ýagy goşulan
doňdurmalary iýmek bolýan däldir.
Dietologlaryň pikirlerine görä, doňdurmanyň limonly, klubnikaly we beýleki
aromatly görnüşlerini iýmek hem zyýanlydyr. Olar bu hili doňdurmalaryň
organizme zyýan ýetirip bilýänligini tagam hem reňk taýdan ýaramaz elementleriň
goşulýanlygyny aýtmak bilen düşündirýärler. Doňdurma köp iýlende ýa-da gyzyp
gelen mahalyň iýlende kelle agyrynyň döremeginde hem sebäp bolup bilýär. Şol
sebäpden hem doňdurmany diňe laýyk şertler esasynda iýiň we ony dükandan
satyn alan mahalyňyz, onuň peýdaly bolup durýan 3 aý möhletinden geçenini
almaň!