Häzirki wagta çenli kino dünýäsinde surata düşürilen romantik komediýa
filmleriniň reýtingi düzüldi. Bu reýting “The Independent” resmi saýtynyň
sahypalarynda görkezilýär.
Reýtiniň birinji basgançagyny Billi Kristal bilen Meg Raýanyň baş
gahrymanlar hökmünde çykyş eden “Garri Salla duşan mahaly” atly meşhur
kinofilmi eýeleýär. Bu film özüniň aýratyn taraplary bilen tapawutlanyp, ol 1990-
njy ýyllaryň kinofilmleriniň žanr taýdan üýtgemegine hem ýol açdy. Soňra bu
tejribe şol döwrüň beýleki filmlerinde hem öz öwüşginini tapdy.
“The Independent” saýtyndaky bu reýtingde ikinji basgançagy hem Meg
Raýanyň çykyş etmeginde düşürilen “Size hat” atly 1998-nji ýylda surata düşürilen
kinofilme degişlidir. Bilermenleriň bellemeklerine görä, Meg Raýan romantik
žanrlardaky filmleriň ussady hökmünde hasap edilýär.
Reýtingde üçünji mynasyp orun bolsa, neşiriň žurnalistleriniň ýokary baha
berýän filmi bolan, Wudi Alleniň “Enni Holl” kinofilmidir. Bilermenleriň bu filmi
sanawa goşmaklarynyň esasy sebäbi ondaky Daýan Kitonyň döwrebap
häsiýetliligi, başarjaňlygydyr. Reýtingiň birinji onlugynda şeýle-de
“Filadelfiýadaky wakalar”, “Geple bir zatlar…”, “Nottiň-Hil”, “Ýakyn dostumyň
toýy” we “Kwartira” ýaly filmler girizilipdir.
Ýatlap geçsek, iýul aýynyň jemi hökmünde “Frontier Communications” atly
amerikan telekommunikasiýalar kompaniýasy 1990-njy ýyllaryň iň köp internetde
gözlenýän kinolaryny ýüze çykardy. Olaryň hatarynda “Forrest Gamp”, “Ýura
döwrüniň parky” we “Öýde ýeke özi” ýaly filmleriň bardygyny aýtmak bolar.