Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy
tarapyndan berilen  bildiriş “Türkmenistan” gazetinde neşir edildi. Şol bildirişde
iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba alynmagy bilen, matematiki
hasaplamada awtoulagyň tizliginiň ortaça jemi çykarylyp, ýol hereketiniň
kadalarynyň bozulanlygy üçin bellenilen tertipde administratiw jerime
salynýandygyny ýatladylýar.  Bildirişi Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
MÄHRIBAN ILDEŞLER!
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy
tarapyndan paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda awtoulaglaryň
tizligine gözegçilik sanly ulgam arkaly awtomatik usulda alnyp barylýar. Muňa
garamazdan, käbir sürüjiler paýtagtymyzyň köçeleriniň we şaýollarynyň ugrunda
awtomatik usulda awtoulaglaryň tizligini ölçeýän wideogözegçilik nokatlaryna
golaýlanlarynda, ulagyň tizligini peseldýärler we olardan geçenlerinden soňra,
indiki ornaşdyrylan wideogözegçilik nokadyna çenli ýene-de tizliklerini
artdyrýarlar.
HORMATLY SÜRÜJILER!
Paýtagtymyzyň köçeleriniň, şaýollarynyň ugrunda ýerleşdirilen ulaglaryň
tizligini ölçeýji enjamlar arkaly, iki nokadyň arasynda geçilen ýoluň hasaba
alynmagy bilen, matematiki hasaplamada awtoulagyň tizliginiň ortaça jemi
çykarylyp, ýol hereketiniň kadalarynyň bozulanlygy üçin bellenilen tertipde
administratiw jerime salynýandygyny size ýatladýarys! Ýol hereketiniň kadalaryny
dogry berjaý ediň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin
zerurdyr, çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy!». Ýoluňyz
ak bolsun, eziz ildeşler! Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol
gözegçiligi gullugy.