Smartfonyň batareýasyna çalt zarýad bermek we bu tehnologiýanyň batareýanyň
ömrüne täsiri barada berilýän maglumatlar köplenç ýalňyş pikir etmegiňize
getirýär. Tehnologiýa bazarynda ykjam enjamlaryň batareýasyny çalt doldurmaga
mümkinçilik berýän has köp hili mümkinçilikler bardyr.
Smartfonlarda köplenç litiý-ion batareýalary bolýar. Smartfondaky algoritmler
olaryň uzak ulanylmagyna ýardam edýär we korpusyň aşagyndaky kiçi elektronika
enjamlaryň bir zarýaddaky dowamlylygyny uzaldýar. Batareýa çalt zarýad bermek,
mysal üçin oňa 5W, 30W ýa-da 65W derejesinde zarýad berilýänligine
garamazdan, smartfona hiç hili zeper ýetirip bilmez.
Batareýalar iki hili görnüşde çalt zarýad alýar. Birinjisi, zarýad berilýän batareýa
geçirijiligiň ýokarlandyrylmagy bilen, mysal üçin 30 minudyň içinde derrew 50-
70% zarýad bermek. Ikinji usul bolsa, batareýa zeper ýetirmezlik üçin prosesi
haýallatmagy we zarýad beriş tizligini we temperaturasyny dolandyrmagy öz içine
alýar. Munda kähalatlarda batareýanyň näsazlygyna onuň gurluş taýdan defekti
hökmünde düşünmek bolar.
Smartfony zarýad berijä hemişelik birikdirmek howply ýagdaýa getirmez.
Sebäbi batareýalarda 100% zarýad berlende elektrik zarýadyny kesmek ulgamy
bar. Umuman, zarýad bermekde ýeke-täk ýalňyşlyk ýa-da artykmaç zarýad almak
diňe batareýa zynjyry näsaz bolanda ýüze çykyp biler. Şeýle-de bolsa, tehnologik
enjamlary öndürijiler batareýany 80%-e çenli zarýadlandyrmagy maslahat
berýärler.
Batareýa esasy zeper ýetirip biljek zat — bu ýokary temperatura. Mysal üçin,
yssy howada smartfona göni Gün şöhlesinde zarýad bermek şeýle ýagdaýy döredip
bilýär. Wagtyň geçmegi bilen bu hili ýagdaý batareýanyň işleýşini peseldip biler.
Smartfonlaryň çalt zarýadlandyrylmagy batareýa üçin howpsuzdyr we hiç hili
bökdençiligi ýüze çykarmaýar. Emma bu ugurda öňüni alyp bolmaýan ýagdaý
batareýanyň zarýad saklaýşynyň wagtyň geçmegi bilen peselmegidir.