Amerikanyň basketbol boýunça meşhur NBA ligasynda çykyş edýän “Dallas
Meweriks” toparynyň goragçysy Luka Donçiç çempionatyň çäginde “Milwoki
Baks” toparyna garşy geçiren duşuşygynda (136:132) 36 utuk, 19 ýardam pasyny
geçirip, 14 gezek garşydaşlaryndan pökgini almak ýaly netijäni görkezdi.
Ýaş basketbolçy şu möwsümde 17-nji tripl dablyny geçirip, 2019/2020-nji
NBA möwsüminde bu ugurda iň ýokary görkezijä eýe bolmagy başardy. Luka
Donçiç NBA-nyň taryhynda bir möwsümiň dowamynda iň köp gezek tripl dabl
toplan ýaş basketbolçy hökmünde dünýä sportunyň taryhyna adyny ýazdy.
Sloweniýaly türgen bu görkezijini 21 ýaşynda gazanmak bilen “Los Anjeles
Leýkersiň” taryhy basketbolçysy Mejik Djonsonyň 1981-nji ýylda goýan
rekordyny täzeledi. Belläp geçsek, Mejik Jonson hem bu rekordy 21 ýaşynda
gazanypdy, emma Donçiçiň rekordy ondan 59 gün tapawut edýär.
Ýadymyzda bolsa, Donçiç NBA-da eýýäm ikinji möwsümini geçirýär.
2019/2020-nji ýyllaryň möwsüminde Luka iň ökde ýaş basketbolçy diýlip yglan
edildi. Şol sebäpden hem “Dallas” pleý-ofa çykmak mümkinçiligini amal etdi.