Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy ýol
hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni
almak maksady bilen, Aşgabadyň çäginde ulag serişdeleriniň ortaça tizligini anyklaýan
ulgamyny ornaşdyrdy.
Ulgam ulagyň iki sany tizlik ölçeýji enjamyň aralygyndaky ýoly näçe wagtda geçendigini
ölçeýär. Şol wagt we aralyk esasynda hem ulagyň ortaça tizligi hasaplanylýar.
Iki nokadyň arasynda bellenilen hereket tizligi artdyrylan halatynda ulag serişdesiniň
eýesi awtomatlaşdyrylan düzgünde Türkmenistanyň «Administratiw hukuk bozulmalary
hakynda» kodeksiniň 214-nji maddasy esasynda degişli jogapkärçilige çekilýär.
Mundan başga-da, ornaşdyrylan ulgam ýol hereketiniň kadalarynyň beýleki
bozulmalaryny hem ýüze çykarýar. Mysal üçin, howpsuzlyk kemerini ulanmak
kadalaryny bozmak, iýip-içmek, telefonda gürleşmek we ş.m.