Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri
çakyr we şeker önümçiliginiň galyndylaryndan organiki birleşmäni – izopropanoly
(izopropil spirtini) almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Bu barada anna
güni “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.
Institutyň barlaghanasynyň müdiri Esger Annahanowyň düşündirmegine görä,
izopropil spirti kuwwatly antiseptiki işjeňlige eýedir we etil spirtiniň ornuny tutujy
hökmünde giňden ulanylýar.
Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän
kärhanada daşary ýurtlardan getirilýän izopropanol bu ýerde çykarylýan şahsy
arassaçylyk serişdeleriniň esasy düzüm bölegi (70%) hökmünde ulanylýar.
Himik alymlar izopropil spirtini öndürmek üçin ýerli çig maly – ýurduň çakyr
öndürýän kärhanalarynda buga öwrüp arassalamak işlerinde alynýan siwuha
ýagyny ulanmagy teklip etdi.
Ylmy gözlegler we organiki maddanyň synag üçin öndürilişi Himiýa instituty,
Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhana we Büzmeýin etrabynda ýerleşýän
Çakyr öndürýän zawodyň arasynda baglaşylan üçtaraplaýyn şertnamanyň
çäklerinde ýerine ýetirildi. Çig maly Marynyň şeker öndürýän zawody iberdi.
Ýerli çig mal ulanylanda zyýansyzlandyryjy serişdäniň özüne düşýän
bahasynyň daşary ýurtlardan getirilýänlerden birnäçe esse arzandygy hasaplanyldy.
Synag usuly bilen alnan serişdeleriň dürli konsentrasiýasynyň birnäçe
erginleri bakteriýalara garşy häsiýetlerini synamak üçin Döwlet arassaçylyk we
keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyna iberildi.
Izopropil spirti lukmançylykda, kosmetologiýada, parfýumeriýada, hojalyk
himiýasynda, awtoulaglar üçin aýna ýuwujy suwuklyk hökmünde, şeýle hem
antifriz önümçiliginde ulanylýar.
Alymlar himiýa serişdelerini öndürýän türkmen kompaniýalary üçin täze
tapyndynyň ýerlikli çig mal boljakdygyna garaşýarlar.