Söweş sungatynyň dünýäsinde uly meşhurlyga eýe bolan UFC-niň
prezidenti Dana Waýt iki agramyň çempionlygyny gazanan, irlandiýaly
MakGregoryň öňde goýýan maksatlary barada pikirini beýan etdi. Ýadymyzda
bolsa, ýakynda 32 ýaşly Konor MakGregor karýerasyny tamamlaýandygyny üçünji
gezek mälim edipdi.
Barstol Sport internet saýty Dana Waýtyň bu barada aýdan pikirlerini öz
sahypalarynda şeýle beýan edýär: “Onuň bu ýyl tutluşyk geçirmek üçin hiç hili
şertnamasy ýok. Şol sebäpden hem ol bu ýyl hiç kim bilen duşuşyk geçirmez.
Beýle diýildigi Konor MakGregor 2020-nji ýylda hiç kim bilen tutluşmaz
diýildigi… Men muňa arkaýyn kepil geçip bilýärin.”
Belläp geçsek, MakGregor söweş sungatynyň garyşyk söweş görnüşindäki
karýerasyny 2008-nji ýylda başlapdy. Iň soňky tutluşygyny bolsa ol şu ýylyň
ýanwar aýynda Donald Serrone bilen geçirip, ony nokawt bilen ýeňmegi
başarypdy. Şonda MakGregoryň amerikaly söweşijini ýeňmegi üçin bary-ýogy 40
sekunt ýeterlik boldy. Bu ugurda garyşyk söweş sungatyndaky hasabyna görä,
irlandyň häzirki wagta çenli görkezen netijesi 26 duşuşykda 22 ýeňşe we 4 ýeňlişe
deňdir.