Žurnalistleriň ýakyn günlerde geçiren deňeşdirmeleriniň netijesinde
dünýäniň futbol toparlarynyň arasynda iň ökde tälimçi diýlip Madridiň “Real”
futbol toparyna tälim berýän Zinedin Zidan görkezildi. Şeýle-de iň güýçli
tälimçileriň sanawyna iňlisleriň “Liwerpulynyň” tälimçisi Ýürgen Klop hem-de
“Mançester siti” toparynyň tälimçisi Pep Guardiola girýär. Emma olar fransuz
hünärmeni bilen deňeşdirilende sanawda nobatdaky orunlarda durýarlar.
Zinedin Zidan geçen möwsümde Ispaniýanyň Primerasynda “Real” topary
bilen ýaryşyň ýeňijisi bolmagy başardy. Nemes hünärmeni Ýürgen Klop bolsa bu
ugurda özüniň tälim berýän “Liwerpul” futbol topary bilen Pep Guardiolanyň
türgenleşdirýän “Mançester Siti” toparyndan bir basgançak öňdeligi saklamak
bilen Angliýanyň futbol boýunça Premýer ligasynyň kubogyna eýe bolmagyň
hötdesinden geldi.
Zinedin Zidany iň ökde tälimçi hökmünde görkezýän netijeleri dünýäniň
tejribeli žurnalistleri hödürlediler. Bu deňeşdirmäniň ahyrky netijesini fransuzlaryň
meşhur “L’equipe” žurnaly köpçülige hödürledi. Ol özüniň nobatdaky sanynyň
daşynda fransuz hünärmeniniň suratyny ýerleşdirmek bilen žurnalyň mazmunynda
onuň bu ugurdaky aýratynlygyny takyk beýan edipdir.