Garpyz — şeker ýaly datly, tagamly, köpleriň söýýän önümi. Ol biziň
saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Köpler garpyzy miwe hasaplasa, käbirleri ony
gök önüm diýip kabul edýär.
Garpyzyň düzüminde gymmatly witaminler bolup, ol özboluşly peýdaly
gymmatlyklara eýedir. Onuň nerw hem ýürek ulgamlarynyň funksionirlenişinde
peýdasynyň uludygy subut edilendir. Şeýle hem garpyz adamy suwsuzlykdan we
açlykdan gandyrýar, organizmiň kadaly işlemegine ýardam edýär. 100 gram
möçberdäki garpyzyň düzüminde 37kkal, 0,9% fruktoza, 5% glýukoza, 3%
saharoza, 2%-den 11%-e çenli mukdarda uglewodlar we ş.m jemlenýär.
Tagamly miwäniň düzüminde B witamin topary, askorbin turşusy,
uglewodlar, demir witamini, magniý ýaly zerury elementler saklanýar. Bu miwäniň
düzüminiň 90%-i suwdan ybarat bolup, ol peşew çykaryş ýollarynyň kadaly
bolmagy üçin örän peýdalydyr. Miwäniň şu hili peýda getiriji aýratynlyklary
adamyň organizminde biohimik prosesleriň kadalylygyna, artritiň we ş.m
bejerilmeginde esas bolup durýar. Aýratyn hem garpyzyň horlanmak isleýän
adamlar üçin peýdasy uludyr.
Garpyzyň zyýanly aýratynlyklary — bu, esasan, garpyzyň tiz hem-de uly
göwrümde ýetişmegi üçin ulanylýan nitratlardyr. Şu hili görnüşde ösdürilip
ýetişdirilen garpyzlar adam organizminiň zäherlenmegi bilen oňa ýaramaz täsirini
ýetirip, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly netijelere getirip bilýär. Netijede, garpyzy
satyn almakda satyjynyň garpyzy kepillendirmegine doly ynamdar bolmaly bolýar.
Süýji hem peýdaly garpyzy nädip saýlamaly?
Bazardan garpyz satyn almak islesek, garpyzlary bir gez gözden geçirýäris.
Miwäniň haýsydyr bir ýeri deşik bolmagy ahmal. Beýle garpyza dürli zyýanly
mikroplaryň we bakteriýalaryň düşendigi ikuçsuz.
Garpyzyň niräniň garpyzydygyny anyklamak zerurdyr, sebäbi her ýerde
bitýän bu miweler özara tagamy boýunça deň bolmaýar. Eger garpyzyň içinde inçe
süýümler bar bolsa, reňki hem açyk gyzyl reňkde, garpyzyň daşy bolsa
ýalpyldawuk bolsa, onda ol garpyzyň düzüminde nitratlaryň mukdarynyň
köpdügidir. Beýle hili miwe siziň organizmiňizi diňe zäherlendirip, onda
ýarawsyzlygyň döremegine sebäp bolup biler.
Ter hem tebigy garpyzlary yzygiderli iýmegimiz biziň immunitetimiziň has-
da kuwwatlanmagyna ýardam eder.