3-nji awgustda ýaponiýaly awtoulag öndüriji hünärmen gaýtadan işlenen
“Land Cruiser Prado” kysmynyň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada habar
berdi. Bu awtoulagyň komplektasiýasy öňküsinden az-kem üýtgedilip, onda täze
howpsuzlyk ulgamlary döredilipdir, şeýle-de motorynyň kuwwaty artdyrylypdyr.
Bu barada has anyk aýtsak, onuň 1GD-FTV indeksli dizel ýangyjy bilen
işleýän 2,8 litrlik motorynyň täzelenen tapgyrydygyny bellemek bolar. Öň onuň
177 at güýji we 450Nm kuwwaty bolan bolsa, häzir bu görkeziji 204 at güýjüne we
500Nm kuwwata eýedir. Hünärmeniň aýtmagyna görä, awtoulagyň ýangyç sarp
ediş harajaty hereketlendirijiniň gurluşynyň optimizlenmeginiň hasabyna 17%
peselipdir. Mundan öň bolsa bu ýokary görkeziji gaýtadan işlenen “Hilux” we
“Fortuner” kysymlarynda ilkinji gezek ýola goýlupdy. Häzir “Land Cruiser Prado-
nyň” diňe Ýaponiýanyň bazarlarynda, soňlugy bilen hem bu motoryň bütin
dünýäde elýeter boljakdygyny bellemek gerek.
Mundan başga-da, “Land Cruiser Prado” kysmynyň täze görnüşine “Toyota
Safety Sense 2.0-yň” täzelenen görnüşlerini ornaşdyryp başlapdyrlar. Bu ulgama
indi geçelgeleri hem-de welosiped sürýänleri öňünden anyklamak wezipesi hem
girizilen. Girizilen üýtgeşmelere awtoulagyň ýol çyzyklaryndan çykan halatynda
duýduryş berýän wezipesiniň we ýol belgilerini tanamak aýratynlygynyň
awtoulagyň abzallaşdyryş ulgamyna adaty wezipeler hökmünde girizilendigini
goşmak bolar. Awtoulagyň aýratynlyklaryna 9 dýuýmlyk ekranly mediaulgam hem
degişli. Ol hem smartfonlary özüne birikdirmek wezipesine eýedir.
Häzirki wagtda täze motorly “Land Cruiser Prado” Ýaponiýada 4 285 000-
den 5 530 000 ýen ýa-da 40 400-den 52 200 amerikan dollary möçberleri
aralygynda bahalandyrylýar.