«Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» jemgyýetçilik-syýasy
we ylmy-publisistik žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna bagyşlanan, türkmen Ýangyç energetika
toplumynyň (ÝET) ösüşiniň esasy ugurlaryny we meýillerini şöhlelendirýän
ýöriteleşdirilen neşirde ykdysadyýetiň bu möhüm pudagynyň öňünde Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan goýlan anyk wezipeleriň nähili çözülýändigi barada
gürrüň berilýär.
Žurnalyň sahypalarynda esasy hünärmenleriň pikirleri, häzirki ýagdaýyň
seljermesi, çaklamalar, statistika we maglumatlar bilen tanyşmak bolýar, iň täze
tehnologiýalar we häzirki zaman enjamlary, türkmen alymlary tarapyndan alnyp
barylýan barlaglar barada bilmek bolýar.