4-nji awgustda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň hem-de AFK-nyň
prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al Khalifanyň gatnaşmagynda Merkezi
Aziýanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşylar düzümleri (Türkmenistan,
Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Eýran, Owganystan) bilen
wideoşekil arkaly onlaýn-konferensiýa geçirildi.
Onlaýn-konferensiýa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary
Arslan Aýnazarowyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek.
Onlaýn-konferensiýanyň dowamynda FIFA-nyň hem-de AFK-nyň bar bolan
tejribelerinden, taslamalaryndan hem-de mümkinçiliklerinden ýerlikli
peýdalanmak barasynda maslahat alşyldy.
FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino öz çykyşynda FIFA-nyň şu kyn döwürde
hem öz agzalary bilen işjeňligini saklajakdygyny, hemmetaraplaýyn goldaw
berjekdigini aýratyn nygtady.