Indi Türkmenistanda ýurduň çägindäki Internet torlaryna ýokary tizlikde
birikmäge bolan mümkinçilikler artdyryldy. Muny «Intranet» hyzmatynyň üsti
bilen amala aşyryp bolýar.
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan
hödürlenilýän bu täze hyzmat Internete birikdirilmesizden hem işleýär. Bu hyzmat
edara-kärhanalar üçin hödürlenilýär. Çünki ýokary tizlikli içki tor olarda
maglumatlary geçirmek üçin bahasyz mümkinçilikleri bagyşlaýar.
Ýeri gelende, «Türkmentelekomyň» hyzmatlarynyň geriminiň barha
giňeýändigini aýtmak gerek. Bu hyzmatlaryň her biri barada kompaniýanyň resmi
saýtynda maglumat berilýär.