Lebap welaýatynyň Kerki şäheriniň aeroportynyň uçuş-gonuş zolagynda we
uçarlaryň durjak meýdançalarynda betonlamak işi tamamlandy. Bu barada Jeýhun
News habar berýär.
Bu möhüm gurluşygy «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri alyp
barýarlar. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy iki müň ýedi ýüz metre, ini
altmyş metre barabar. Uçarlardan başga-da, howa menzilinde dikuçarlar üçin hem
dört sany meýdança gurulýar. Uçuşlary dolandyrmak üçin beýikligi otuz metr
boljak diň galdyrylar. Ýolagçylar üçin niýetlenen jaý, kömekçi binalar,
ýolagçylaryň we howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil ulaglaryň duralgasy, awtobus
duralgasy, ýangyç guýujy bölüm, içimlik we beýleki niýetler üçin ulanyljak suw
üpjünçilik ulgamy we beýlekiler hem gurlar.
Häzir bu ýerde işleriň agramly bölegi tamamlandy. Howa menziliniň
dolandyryş binalary hem taýýar bolup barýar.
Howa menzilini 2021-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga tabşyrmak göz
öňünde tutulýar. Onuň işe girizilmegi bilen Lebap welaýatynyň günorta-gündogar
sebitini ýurduň paýtagty we ähli welaýatlary bilen göni baglaşdyrar.