Golaýda Filippinleriň Prezidenti Rodrigo Duterte ýurtdaky iň garyp bolan 20
million adama koronawirus waksinasyny mugt ýaýratmak hakynda belläp geçdi.
Duterte waksinanyň dekabr aýyna çenli taýýar bolmagyna umyt baglaýar. “Men
size söz berýarin. Biz dekabr aýyna çenli kadaly durmuşa dolanarys. Geliň, oňa
çenli waksinanyň taýýar bolmagyna garaşalyň” diýip Duterte halka aýdan ýüz
tutmasynda belleýär.
Filippinleriň Maliýe kätibi Karlos Domingueziň sözlerine görä, hökümet 40
million doza waksina satyn almaga güýji ýeter. Munça waksina takmynan 20
milliard peso ýa-da 400 million dollar mukdarynda pul serişdesi talap edilýär.
Amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasy bilen tanyşdyryşda Dominguez şeýle
diýdi: “Bizde munuň üçin ýörite meýilnama bar. Saglygy Goraýyş
Departamentiniň hasabatyna görä, bize ilatymyzyň azyndan 20 millionyny mugt
sanjym etmegimiz gerek. Olaryň bir gezek sanjym almalymy ýa-da iki gezek men
muny bilmeýärin. Şonuň üçin biz 40 million doza satyn alarys. Saglygy Goraýyş
Departamenti gerekli waksinany saýlanyndan soň biz derrew satyn alma işlerine
başlarys. Eger waksina şu ýylyň ahyryna çenli taýýar bolsa biz öz meýilnamamyzy
talabalaýyk ýerine ýetireris”.
Prezident Duterte waksinany koronawirus ýüze çykan Hytaýdan satyn almagy
mümkin. Häzirki wagtda Filippinler Hytaýyň Sinovac Biotech we Sinopharm
Biotech kompaniýalarynyň waksinalaryndan peýdalanmagy göz öňünde tutýar.
Soňky maglumatlara görä, Filippinlerde umumy hasapda 93 354 adam
koronawirus bilen keselledi. Olaryň 2023 sanysy bolsa aradan çykdy.