“Türkmenaragatnaşyk” agentligi penşenbe güni Türkmenistanda hereket
edýän 30-dan gowrak ýerli IT kompaniýalarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat
geçirdi.
Agentligiň ýolbaşçysy Hajymyrat Hudaýgulyýewiň alyp baran maslahatyna
Bilim ministrliginiň wekilleri hem gatnaşdy.
Maslahatyň barşynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy
Hudaýgulyýew Türkmenistanda sanly ulgama geçmek, türkmen ykdysadyýetinde
IT tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.
Kompaniýalar, şol sanda telekeçiler ýurduň sanly ykdysadyýetiniň ösüşine
goşýan goşantlary babatynda ýerine ýetirýän taslamalary bilen tanyşdyrdylar. Şol
bir wagtda hem, onlaýn ýygnagyň barşynda hususyýetçileriň bu ugurdaky
teklipleri diňlenildi.
Şeýle-de maslahatyň dowamynda her ýyl “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň
gurnaýan sergisine taýýarlyk görmek işleri barada pikir alşyldy.
Şu ýylyň fewral aýynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda
we welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin 10 million ABŞ dollarynyň
goýberilýändigini habar beripdi.