Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar
Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Katar Döwletiniň Emirine ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge üns berýändigi
hem-de onuň işjeňleşmegine şahsy goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanyň däp bolan döwletara gatnaşyklara ygrarlydygyny we ony mundan
beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda sebit hem-de ählumumy
gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde, tutuş
adamzada çynlakaý wehim salýan we dünýäde çylşyrymly ýagdaýyň emele
gelmegine sebäp bolan koronawirus ýokanjy meselesine deglip geçildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bu howply ýokanjyň ýaýramagyna
garşy göreşde halkara bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýandygyny belläp, bu
ugurda anyk netijeleri gazanmak üçin dünýäniň ähli döwletleriniň özara
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň bu ugurda täze usullary
we çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow we Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad
Al-Tani birek-biregi Gurban baýramy bilen ýene bir gezek gutlap, berk jan saglyk,
ähli asylly başlangyçlarynda üstünlik, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa
parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.