2020-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň baş neşiri bolan
«Türkmenistan» gazetiniň çap edilip başlanmagyna laýyk 100 ýyl – bir asyr doldy.
Munuň özi tutuş türkmen milli metbugat žurnalistikasynyň 100 ýaşandygyny
görkezýär. “Türkmenistan”  gazetiniň neşiriniň ýola goýulmagy Türkmenistanda
taryhy waka boldy. Şol döwürde döwlet gurluşyny, aň-bilimi, doganlyk-dostlugy
wagyz etmekde gazetiň roly barha ýokarlandy. «Türkmenistan» gazeti milli
žurnalistleri taýýarlamakda 1920-nji ýylyň ortalarynda, dürli tipdäki neşirleriň ýola
goýulmagynda kerwenbaşy we guramaçy roly oýnady.
“Türkmenistan” gazetiniň birinji sany 1920-nji ýylyň 29-njy iýulynda çykdy.
Gazet şol wagtky partiýanyň Zakaspi oblast komitetiniň, oblast rewolýusion
komitetiniň organy hökmünde neşir edilip başlady. Şol mahallar hepdede bir gezek
çykýar. Gazet  kiçi formatly, möçberi iki sahypady, materiallar arap elipbiýinde
çap edilýärdi. 1920-nji ýylda gazetiň tiražy 600-den 1000-e çenli üýtgäp durupdyr.
Şol ýyl gazetiň jemi 14 sany çykypdyr. Onuň ahyrkysy 1920-nji ýylyň 13-nji
noýabrynda çap edilipdir.
«Türkmenistan» gazeti 100 ýyllyk taryhynda ýurduň ähli gazetlerine
kerwenbaşy bolmak bilen birlikde, tejribeli we işbaşarjaň žurnalistleriň ýüze
çykmagynda-da aýratyn hyzmaty ýerine ýetirip gelýär.
«Türkmenistan» gazetine häzirki wagtda işbaşarjaň, ussat žurnalist hem
zehinli şahyr Kakamyrat Rejebow baş redaktorlyk edýär.