29-njy iýulda Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli
gezelenç etdi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel
künjege geldi. Sabanyň sergin çagynda dag etekleriniň tämiz howasy ynsana
ýaramly täsir edýär, güýjüňe güýç goşýar, döredijiligiňi joşdurýar. Türkmen
tebigatynyň bu ajaýyp künjeginiň, daglaryň we dereleriň gözelligi, aýratyn
howa gurşawy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşky
gurşawy goramaga uly üns berýändiginiň aýdyňlygy bilen subut edýär.
Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň
tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy
aýratynlyklaryny synlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, tebigat diňe bir
tenekarlygy bilen çäklenmän, eýsem, adamlaryň ruhunyň belende galmagynda
oňyn täsiri bardyr. Tebigat adamlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär.
Onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň ähmiýetlidigini durmuş tejribesi görkezdi.