Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul etmegiň giriş synaglary bellenilen tertipde guramaçylykly dowam edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär. Öňden tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Balkan welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmeklik dört tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda — 22-23-24-nji iýul aralygynda Balkanabatdaky 3-nji orta mekdepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, 21-nji orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 23-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň dördüsine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden giriş synaglaryny almak üstünlikli tamamlandy. 2020-2021-nji okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar özleri baradaky bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler. Balkan welaýatynyňmerkezinde ýokary derejede ýola goýlan bu möhüm çäräniň ikinji tapgyry 1-3-nji awgust aralygynda, üçünji tapgyry 4-6-njy awgust aralygynda, ahyrky, dördünji tapgyry bolsa 10-12-nji awgust aralygynda geçiriler.