Türkmen ilinde Gurban baýramy mukaddes baýram hasaplanylýar. Ruhy
tämizligiň, arassa ahlagyň hem-de agzybirligiň ajaýyp pursatlaryny özünde
jemleýän bu baýram uly ruhubelentlik bilen bellenilýär.
TDH agentliginiň ýaýradan bildirişinde bellenilişi ýaly, şu günler howanyň
düzümindäki ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan
artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini ulanmagy, 2 metr howpsuz araçägi
saklamagy hem-de Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde köpçülikleýin
çäreleri çäklendirip, bu baýramy her kimiň öz öýünde geçirmegini maslahat
berýäris.
Gurban baýramyny maşgalamyzyň arasynda bellemegiň saglygymyzy
goramagyň esasy şertidigini unutmalyň!
Maşgalamyzyň saglygy bagtyýar günlerimize badalgadyr!