Daşoguz welaýatynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul etmek
boýunça giriş synaglary ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Munuň
üçin welaýat merkezindäki döwrebap orta mekdepleriň 5-sinde, şeýle-de Türkmen
oba hojalyk institutynda zerur şertler döredildi ― diýip, «Türkmenistan» gazeti
habar berýär.
Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde täze gurlan 25-nji orta mekdep welaýatda
geçirilýän bu çäräniň ilkinji badalga alan ýeri boldy. Bu ýerde Magtymguly
adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmek isleýän ýaşlar giriş
synaglaryny tabşyrýarlar. Şol gün welaýat merkeziniň 7-nji orta mekdebinde Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, 26-njy
orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutyna, 28-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutyna, 27-nji orta mekdepde bolsa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutyna ilkinji giriş synaglary tabşyryldy.