Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempion möwsümiň tamamlanmagyna 2
tapgyr galanda mälim boldy. 36-njy tapgyrda “Sampdoriýany” Kristiano Ronaldo
(45+7) we Federiko Bernardeskiniň (67) gollary bilen 2-0 ýeňen “Ýuwentus” yzly-
yzyna 9-njy, umumylykda bolsa, 36-njy gezek çempion bolmagy başardy.
Duşuşygyň 89-njy minutynda Ronaldo penalti urgusyny dürs ýerine ýetirip
bilmedi.
Häzirki wagtda iň köp gol geçiren futbolçylaryň sanawynda Ronaldo
“Lasionyň” hüjümçisi Çiro Immobileden 3 gol yza galdy. Immobile toparynyň
“Weronany” 5-1 ýeňen oýnunda het-trik etdi.