Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa
kabul etmek boýunça giriş synaglary Ahal welaýatynda guramaçylykly dowam
edýär. Bu jogapkärli işiň degişli talaplara laýyklykda, guramaçylykly geçirilmegi
üçin welaýat häkimligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan ähli tagallalar görüldi.
Şeýle bolansoň, şu günler ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul
etmek boýunça döwlet toparynyň agzalary möhüm çäräni ýokary derejede alyp
barýarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
2019 — 2020-nji okuw ýylynda welaýat boýunça ýaşlaryň 9278-si ak
mekdepler bilen hoşlaşdy. Şol ýaşlaryň arasynda mekdep ýyllarynda dürli
derejedäki ders, taslama, internet we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly
orunlara eýe bolanlary hem az däl. Ylym-bilime, hünäre höwesli şeýle ýaşlaryň uly
topary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmaga
synanýarlar.
Şu günler giriş synaglary Ak bugdaý we Gökdepe etraplaryndaky bilim
ojaklarynda geçirilýär. Käbir ýokary okuw mekdepleri boýunça synaglar üstünlikli
tamamlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-
tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Türkmenistanyň
Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasyny agzamak bolar. Agzalan ýokary okuw
mekdepleri boýunça giriş synaglary 22 — 25-nji iýulda degişlilikde, Ak bugdaý
etrabyndaky 1-nji, 28-nji, 16-njy, 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de, welaýat
Ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde ady
agzalan mekdebe kabul etmek işi 26-njy iýulda tamamlandy.
Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Aşgabadyň
A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine, şol etrapdaky 16-njy orta
mekdepde I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa
kabul etmek hünäre boýunça synaglar dowam edýär. Ýaşlaryň bilime, ylma we
hünäre bolan çuňňur höwesi bu synaglarda has äşgär duýulýar. Munuň özi ýaşlaryň
zehinliden-zehinlisine okuwyny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde
dowam etmäge mümkinçilik berýär.
Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary
institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna giriş synaglary 31-
nji iýulda başlap, 3-nji awgustda tamamlanar. Bu giriş synaglary Ak bugdaý
etrabyndaky 27-nji, 1-nji, 16-njy, 28-nji orta mekdeplerde, welaýat Ýörite sungat
mekdebinde geçiriler. Ýeri gelende welaýatda agzalan ýokary okuw mekdeplerine
girmäge dalaş edýän ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwletmämmet
Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, M.Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmek üçin
resminamalaryny tabşyran ýaşlar 4 — 7-nji awgust aralygynda giriş synaglaryny

tabşyrar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe
institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmäge isleg bildiren ýaşlardan
giriş synaglary 13 — 16-njy awgustda kabul ediler.
Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň
aglabasy boýunça giriş synaglary 19-njy awgustda geçiriler. Medeniýet ugurlary
boýunça bilim berýän orta hünär okuw mekdeplerine, ýagny, Türkmen döwlet
medeniýet we sungat mekdebine, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine,
D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary
3 — 5-nji awgustda geçiriler. Bu giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri ähli gerekli
esbaplar we serişdeler bilen doly üpjün edildi.