Türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow garyşyk söweş sungat
bolan ACA-nyň ýeňil agramdaky türgenleriniň sanawynda birinji orny eýelýär. Bu
barada Turkmenportal guramanyň resmi saýtyna salgylanyp habar berdi.
31 ýaşly ildeşimiziň ACA-nyň häzirki çempionydygyny ýatladýarys.
Sanawda ikinji orny russiýaly Muslim Magomedow, üçünji orny onuň watandaşy
Alekseý Butorin eýeleýär.
ACA (Absolute Championship Ahmat) Ýewropada iň çalt ösýän we
dünýädäki meşhurlygy has beýgelýän ýaryşlaryň biridir. Häzir onuň
tutluşyklarynyň geografiýasy Russiýanyň 10 şäherinden daşary hem Beýik
Britaniýa, Polşa, Gruziýa we Täjigistana çenli baryp ýetdi.
ACA-nyň iň soňky tutluşygy şu ýylyň 24-nji iýulynda geçirildi we onda
Magomed Ismailow watandaşy Aleksandr Ýemelýanenkony tehniki nakaut bilen
ýeňdi.
ACA 108 tutluşygyny 8-nji awgustda geçirmek meýilleşdirilýär.