Aşgabat şäher telefon ulgamy  ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (AŞTU) öz
müşderilerine berýän hyzmatynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmak üçin
alyp barýan işleriniň çäginde täze hyzmatlary ýola goýdy. Bu barada onuň resmi
saýtynda habar berilýär.
Mundan beýläk, AŞTU-nyň ulanyjylarynyň telefon belgilerine  internet we
IPTV hyzmatlaryny birikdirmek üçin AŞTU şahamçalaryna ýüz tutmaklary zerur
däl. Ýagny, my.agts.tv salgysynda her ulanyjy öz  şahsy otagyndan islän
hyzmatlaryny birikdirip bilerler. Birikdirilen hyzmaty işletmek üçin gelen tehniki
işgär hyzmatdan peýdalanmak üçin zerur bolan şertnamany alyp geler we şol ýerde
gol çekiler. 
Şeýle hem, ulanylýan hyzmat bilen bagly näsazlyk ýa-da arz-şikaýat ýüze
çykan ýagdaýynda my.agts.tv salgysynda öz şahsy otagynda ýerleşdirilen kömek
merkezinden habarlaşmak mümkin. Görkezilen penjireden öz belgiňize birikdirilen
hyzmat bilen bagly näsazlygy bildireniňizden soňra gysga wagtda tehniki topar siz
bilen habarlaşar.
Ýokarda agzalan hyzmatlaryň iOS we Android enjamlar üçin taýýarlanan
programmalarda hem gysga wagtda elýeterli etmek üçin tehniki işler ýerine
ýetirilýär.
Galyberse-de,  ýakyn günlerde şahsy otagda we mobil enjamlar üçin
niýetlenilen programmalarda telefon hyzmatlaryny dolandyrmak funksiýasy
goşulypdy. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar telefon belgilerine şäherara we döwletara
jaňlary
(8-lik we 10-lyk hyzmatlary) birikdirip bilererler.