Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Türkmenistan Coca-Cola Bottlers» hojalyk
jemgyýeti ilat arasynda meşhur içgileriň önümçiligini gaýtadan dikeltdi.
Şeýlelikde, Türkmenistanda «Coca-Cola Classic», «Coca-Cola Şekersiz», «Fanta
Mandarin» we «Sprite» gaýtadan öndürilip başlandy.
Zawodyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, önümler häzirki wagtda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli nyşan bilen bir
litrlik plastik gaplarda öndürilýär. Zawod tarapyndan öndürilen önümler
öndürijiden maslahat berilýän bahalarda eýýäm paýlaýyş torlaryna girizildi.
«Coca-Cola Classic» içgisi 10, galan içgiler 8 manatdan satylýar.
Zawod «Coca-Cola» kompaniýasynyň resmi şahamçasy hökmünde
Türkmenistanyň çäginde 1998-nji ýyldan bäri işleýär.
Ýeri gelende aýtsak, «Coca-Colanyň» Ýer ýüzünde 11 müňden gowrak
zawody bar.