22-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary,
Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer
ministriniň orunbasary, Prezidentlik işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin
Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Gepleşigiň
barşynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary
derejesini nygtadylar.Taraplar COVID-19 pandemiýasy bilen bagly häzirki
ýagdaýlar we dünýäde onuň ýaýramagyna garşy göreşmekde tagallalary
birleşdirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem ulag, energetika, himiýa senagaty we ekologiýa ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.