Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn
howpsuzlygy gullugyna dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli, ýangyn
söndürmäge niýetlenen kuwwatly awtoulaglar gelip gowuşdy ― diýip,
«Adalat» gazeti habar berýär.
Biziň howa şertlerimize laýyk gelýän «KAMAZ» kysymly bu awtoulaglar
suw sygymynyň ululygy bilen aýratyn  tapawutlanýarlar. 
Gulluga degişli Finlýandiýa döwletinde öndürilen «BRONTO SKAÝLIFT»
kysymly, ýörite tirsekli teleskopiki, ýokary göterijilikli, ýöriteleşdirilen ýangyn
söndüriji awtoulagy hem bar.  Ol belli bir derejede gullugyň işini göwnejaý
guramagyň şertlerini üpjün edýär. Onuň binalaryň ýokary gatynda dörän ýangyny
söndürmäge mümkinçiligi bar. Bu ulag ýokary gatly binalardan adamlary tiz
wagtda howply çäkden halas etmäge niýetlenen enjam bilen üpjün edilendir. Şeýle-
de suw geçirijileriniň üsti bilen suwy dürli belentliklere çykarmaga ukyplydyr. Köp
gatly binalarda ýangyn dörän halatynda, ýangyn söndüriji söweşjeň toparlary tiz
wagtda ýangynyň dörän ýerine galdyrmakda, ýokary gatly jaýlardan adamlary
halas etmekde-de örän ähmiýeti uludyr.