«Türkmenhowaýollarynyň» Russiýadaky edarasy COVID-19 pandemiýasy
we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli, awiakompaniýanyň ähli halkara
gatnawlarynyň çäklendirilmeginiň 2020-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli
uzaldylýandygyny habar berýär.
Maglumatda aýdylmagyna görä, ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary petek üçin
tölegleri yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup, uçuşlaryň täzeden başlamagyna
garaşyp we indiki amatly uçuşlar üçin biletleri täzeden belläp bilerler.