«Türkmendemirýollary» agentligi Türkmenistan boýunça otly gatnawyny
togtatmagynyň möhletini öňki habar beren senesinden ýene-de bir hepde uzaldyp,
31-nji iýula çenli süýşürdi.
Agentligiň resmi saýtyna habar berlişi ýaly, 16-31-nji iýul aralygynda
otlularyň hereketi wagtlaýyn togtadylýar.
Ýolagçylar habarlaşmak üçin +99312383273 / 75 / 76 / 79.belgilere ýüz
tutup bilerler.